Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Işewürlik-daýdžest: 31-nji oktýabrdan 6-njy noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady habarlary

13:1507.11.2023
0
34477

Geçen hepde Türkmenistanyň birnäçe möhüm işewürlik çärelerini geçirendigi mälim boldy. Esasanam Ýewropanyň öňdebaryjy ykdysadyýetli döwletleri bolan Germaniýada we Beýik Britaniýada geçirilen işewürlik maslahatlary aýratyn bellärliklidir.

Günorta Koreýa bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada Ylalaşyga gol çekilmegi hem möhüm waka boldy. Bu ýurt öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolmak bilen, senagaty we infrastrukturany döwrebaplaşdyrmakda Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşy bolup biler.

Umuman, Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlary bilen ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça geljegi uly ösüş meýilleri bar. Mysal üçin, Gazagystan bilen serhetýaka söwda merkezini döretmek sebitleýin söwdany ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleri açar.

Öňde boljak işewürlik çäreleri
Noýabr aýynda Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisi geçiriler.

20-nji noýabrda Berlin şäherinde Türkmen-german işewürlik maslahaty geçiriler.

22-23-nji noýabrda London şäherinde «Türkmenistan — maýa goýum we ösüş» atly maýa goýum forumy geçiriler.

2024-nji ýylyň başynda türkmen işewürlerinden ybarat wekiliýet önümçiligiň dürli ugurlary bilen tanyşmak we tejribe alyşmak maksady bilen, Italiýa iş saparyny amala aşyrar.

Söwda

Türkmenistan we Koreýa Respublikasy iki ýurduň hökümetleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada Ylalaşyga gol çekdiler baglaşdy. Bu resminama Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Begenç Goçmollaýew we Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Pak Çžin gol çekdi.

Aşgabat bilen Astana özara haryt dolanyşygyny 1 milliard amerikan dollaryna ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň we Gazagystanyň Mangistau oblastynyň serhedinde serhetýaka söwda merkezini döretmek meselesini öwrenmäge girişerler.

Gurluşyk we senagat

Aşgabat şäherinde Koreýanyň «Daewoo Engineering & Construction» gurluşyk kompaniýasynyň şahamçasy açyldy. Kompaniýa «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen baglaşylan şertnamanyň çäklerinde Türkmenistanda ammiak-karbamid zawodynyň we fosfor dökünlerini öndürýän kärhananyň gurluşygyny amala aşyrar.

Ulag

Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty «Ulag we logistika – TransLogistica Uzbekistan 2023» atly 19-njy halkara sergisinde öz mümkinçiliklerini görkezdi. Serginiň çäklerinde «MSC Tashkent LLC», «FESCO», «MEDLOG GEORGIA LLC», «Albayrak», «Central Asia Trans», «Azlogista», «TRANSASIA Logistics», «PRIME Shipping & Transportation» ýaly iri ulag we logistika kompaniýalary bilen gepleşikler geçirildi.

«Korea National Railway» kompaniýasynyň wekili Aşgabatda geçirilen «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň «Ulag we logistika» atly mejlisine gatnaşyjylary Türkmenistanda we Merkezi Aziýada demir ýollary elektrikleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy. Elektrikleşdirilen şäheriçi demirýol ulgamlarynyň döredilmegine aýratyn üns çekildi.

Oba hojalygy

Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişi üstünlikli tamamlandy. Jemi 690 müň gektar meýdanda ekiş geçirildi. Häzirki wagtda ýurduň welaýatlarynyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Şeýle hem ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly oragy, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň