Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Ram Çandra Paudele we Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň Premýer-ministri Puşpa Kamal Dahala ýurduň günbatar sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de weýrançylyklara getiren ýer titremesi zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan, gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
«Euronews»-iň habar bermegine görä, 4-nji noýabrda Nepalda bolup geçen güýçli ýer titremesinde, deslapky maglumatlara görä, azyndan 150-ä golaý adam aradan çykdy. Ýer titremesi Jumla şäheriniň 36 km günorta-gündogarynda bolup, dürli çaklamalara görä, ol 5,6 bilen 6,4 ball aralygynda bolup geçdi.