Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi

22:5004.11.2023
0
35301
Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ähli sebitlerini gurşap alan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy, şeýle hem ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany ýurtdda durmuşa geçirilýän ählihalk bag ekmek maksatnamasynyň ilki bilen ekologiýa nukdaýnazaryndan, şol sanda halkymyzyň amatly ýaşaýşy üçin zerur şertleriň döredilmegi babatda hem uly ähmiýetlidigini yzygiderli belleýär.

Şunuň bilen baglylykda, ilatly ýerleriň töwereginde täze tokaý-seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Öz çäklerini barha giňeldýän şäherleriň eteklerinde kemala gelýän şeýle zolaklar adamlar üçin örän bähbitlidir. Bag ekişlik çäresine Aşgabat şäheriniň ähli etraplary bilen deňlikde Bagtyýarlyk etraby hem gatnaşdy.

Türkmen halky ähli döwürlerde-de tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji ýaly gorap gelipdir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem ekologiýa abadançylygyna möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň