Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda täze utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygyna badalga berildi, «Türkmen howa ýollary» Aşgabat – Abu-Dabi ugry boýunça uçuşlary amala aşyrar, Aşgabatda gazak şahyrynyň ýadygärligi peýda bolar we beýleki habarlar

13:0304.11.2023
0
31472

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň dowamynda kuwwaty 1574 megawatta deň bolan gaz we bug dolanyşygynda işlejek döwrebap elektrik täze utgaşykly elektrik stansiýasynyň gurluşygyna başlamaga ak pata berdi. Täze elektrik stansiýasy Türkmenbaşy etrabynda gurlar we ýurtdaky iň iri energetika desgalarynyň biri bolar. Ol «General Electric» tarapyndan öndürilen dört sany gaz turbinasy we iki sany bug turbina bilen üpjün ediler.

2. «Türkmenistan» awiakompaniýasy Abu-Dabä ýolagçy gatnawlarynyň gaýtadan dikeldilýändigini habar berdi. Gatnawlar 17-nji noýabrdan başlap ýola goýlar. «Türkmen howa ýollarynyň» uçarlary Abu-Dabiniň Halkara howa menziline gonarlar. Awiakompaniýanyň turkmenistanairlines.tm resmi saýtynda häzirki uçuş meýilnamalary bilen tanyşmak hem-de halkara howa gatnawlarynyň peteklerini satyn almak mümkindir.

3. Aşgabatda täze gurulýan Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynda gazak halkynyň pelsepeçi alymy we beýik akyldar şahyry Abaý Kunanbaý oglunyň heýkeliniň oturdylar. Bu barada türkmen wekiliýetiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy Sammitine gatnaşmak üçin Astana şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen geçiren duşuşygynda belledi.

4. Pekinde Türkmen-hytaý hökümetara hyzmatdaşlyk toparynyň Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň ilkinji mejlisi geçirildi. Mejlisde türkmen tarapyna Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşyrow wekilçilik etdi. Taraplar Türkmenistanda we Hytaýda alnyp barylýan ylmy, tehniki we innowasiýa işleriniň häzirki ýagdaýy bilen tanyşdylar, bu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garadylar.

5. Türkmen halkynyň Milli Lideri Astanada geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Sammitindäki çykyşynda TDG-niň ýurtlaryny medeniýet ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy. «Taryhy, medeniýeti, dili we däp-dessurlary birmeňzeş bolan türki döwletleriň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň köpugurly hyzmatdaşlygymyzyň gün tertibinde möhüm orun eýeleýändigini bellemek isleýärin» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

6. Türkmenistanda her ýyl 3-nji noýabr gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň hünär baýramçylygy hökmünde belleniler.

Dünýäde

7. Amerikaly aýdymçy Billi Aýliş saçynyň şekilini üýtgetdi we internetde degişmeleriň sebäbine öwrüldi. 21 ýaşly aýdymçy täze saç şekili bilen düşen suratyny paýlaşdy. Ol depesindäki saçlaryny gyzyl, sary we ýaşyl reňklere boýapdyr. Käbirleri täze keşpde howa kartasyny, käbirleri futbolçynyň ýylylyk kartasyny, käbirleri bolsa «Apple» kompaniýasynyň nyşanyny görüpdirler.

8. Sinoptikler Ýewropanyň Atlantik ummanyndaky kenaryna «Domingos» diýlip atlandyrylýan täze tupanyň golaýlap gelýändigini, onuň «Kiaran» tupany bilen ornuny çalyşjakdygyny duýdurýarlar. Şu gün täze harasatyň Fransiýa, Ispaniýa we Portugaliýanyň demirgazygyna aralaşmagyna, ol ýerlerde güýçli şemalyň öwüsmegine we ýagşyň ýagmagyna garaşylýar. Iň güýçli ýeller Atlantik ummanynyň kenarynyň demirgazyk etraplaryna, şeýle hem Pireneýlere täsir eder.

Sport habarlary

9. Türkmen kinboksçy Yslam Rahmetow «REN TW-niň söweşjeňler kluby» atly ýaryşa gatnaşar. Ýaryş 18-nji noýabr güni Soçidäki Gyzyl Meýdanda (Krasnaýa Polýana) geçiriler. Gala Sports Management sport guramasynyň habar bermegine görä, Rahmetow ringde russiýaly Ruslan Kisilýow bilen tutluşar. Russiýaly MMA ýyldyzlary Iwan Ştyrkow bilen Wladimir Mineýewiň arasyndaky kikboksingiň düzgünleri boýunça tutluşyk agşamyň esasy wakasy bolar.

10. «Rubiniň» öňki baş tälimçisi Gurban Berdiýew Kazan şäheriniň toparyny Russiýanyň Premýer-ligasynda ilkinji çempionalygynyň 15 ýyllygy bilen gutlady. Ýatlatsak, 2008-nji ýylyň 2-nji noýabrynda «Rubin» türkmen hünärmeniniň ýolbaşçylygynda Ramenskoýe şäheriniň «Saturn» toparyny myhmançylykda 2:1 hasabynda ýeňip, möwsümiň tamamlanmagyna 3 tapgyr galanda taryhynda ilkinji gezek Russiýanyň futbol boýunça çempionatynyň altyn medallaryna mynasyp boldy. «Hormatly tatarystanlylar, «Rubiniň» janköýerleri. Sizi ýubileý mynasybetli gutlaýaryn. Şol döwürleri ýatlamak örän ýakymly, olar ýene-de gaýtalanar diýip umyt edýärin. Tatarystanlylary, «Rubini» örän küýseýärin. Hemmäňizi gutlaýaryn!» diýip, toparyň metbugat gullugy Berdiýewiň sözlerini getirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň