Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly türgen Yslam Rahmedow Soçide geçirilen kikboksing ýaryşyna gatnaşar

15:4103.11.2023
0
49288

Türkmenistanly kinboksingçi Yslam Rahmedow «REN TW-niň söweşjeňler kluby» atly ýaryşyna gatnaşar. Ýaryş 18-nji noýabr güni Soçidäki RED ARENA sport toplumynda geçiriler.

Gala Sports Management sport jemgyýetçilik guramasynyň habar bermegine görä, Rahmedow russiýaly Ruslan Kisilýow bilen tutluşar.

Agşamyň esasy tutluşygy russiýaly MMA ýyldyzlary Iwan Ştyrkow bilen Wladimir Mineýewiň arasynda bolar.

Yslam Rahmedow kikboksing boýunça sport ussatlygyna dalaşgärdir. Türkmenistanyň bäş gezek çempiony bolan türgen 2019-njy ýylda ýurduň kubogyny hem gazandy.

Agşamyň esasy kardyndaky tutlluşyklary «REN TW» teleýaýlymy göni ýaýlymda alyp görkezer. Agşama tutuşlygyna bolsa «Udar» atly başa-baş tutluşyk kanalyndan tomaşa edip bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň