Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Hytaý ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy kämilleşdirmegi ara alyp maslahatlaşdylar

13:3703.11.2023
0
37562

Pekinde Türkmen-hytaý hökümetara hyzmatdaşlyk toparynyň Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň ilkinji mejlisi geçirildi. Mejlisde türkmen tarapyna Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşyrow, hytaýly wekiliýete Hytaý Halk Respublikasynyň ylym we tehnologiýa ministriniň orunbasary Çžan Guanszun ýolbaşçylyk etdi.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory Gurbanmyrat Mezilow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýa merkeziniň müdiri Durdymyrat Gadamow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň müdiri Hallymyrat Ataýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosfera fizikasy institutynyň müdiri Güljemal Sarýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň müdiri Dawut Orazsähedow girdi.

Taraplar Türkmenistanda we Hytaýda alnyp barylýan ylmy, tehniki we innowasiýa işleriniň häzirki ýagdaýy bilen tanyşdylar, bu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garadylar.

Şeýlelik bilen, gatnaşyjylar ylmy gözlegler, ylmy işgärler alyş-çalşygy we kiberhowpsuzlyk pudagynda Türkmenistan bilen HHR-iň arasynda ylmy hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdylar.

Duşuşykdan soň degişli Teswirnama gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň