Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2023: «Arkadag» topary resmi duşuşyklarda geçiren gollarynyň sanyny 80-e çykardy

09:5203.11.2023
0
17313

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 20-nji tapgyrynda «Şagadamy» 3:2 hasabynda ýeňen «Arkadag» futbol topary ähli resmi ýaryşlardaky 80-nji goluny geçirdi. Duşuşykda hüjümçi Didar Durdyýewiň 11 metrlik jerime urgusyndan geçiren goly «Arkadagyň» resmi duşuşyklardaky 80-nji goly boldy.

22 duşuşykda garşydaş derwezelere 81 gol geçirip bilen topar öz derwezesinde bary-ýogy 17 gol gördi.

Geçirilen gollaryň 28-sini Didar Durdyýew, 10-syny Bagmyrat Baýow, 7-sini bolsa Şanazar Tirkişow dagylar öz adyna ýazdyrdy. Şeýle hem möwsümde toparyň futbolçylarynyň dördüsi 4, üçüsi 3, ikisi 2, ýedisi bolsa bir gezekden tapawutlandylar. 81 golda jemi 19 futbolçynyň ady bar

«Arkadag» futbol toparynyň ähli resmi ýaryşlarda tapawutlanan oýunçylary:

  1. Didar Durdyýew, 28
  2. Begmyrat Baýow, 10
  3. Şanazar Tirkişow, 7
  4. Yhlas Toýjanow, 4
  5. Begenç Akmämmedow, 4
  6. Abdy Bäşimow, 4
  7. Arslanmyrat Amanow, 4
  8. Altymyrat Annadurdyýew, 3
  9. Orazberdi Myradow, 3
  10. Nazar Towakelow, 3
  11. Resul Hojaýew, 2
  12. Mekan Saparow, 2
  13. Arzuwguly Sapargulyýew, 1
  14. Mihail Titow, 1
  15. Yhlas Saparmämmedow, 1
  16. Ybraýym Mämmedow, 1
  17. Meýlis Durdyýew, 1
  18. Güýçmyrat Annagulyýew, 1
  19. Welmyrat Ballakow, 1
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň