Şu gün Türkmenistanda Türkmen alabaýynyň baýramy bellenildi. Bu baýramçylyk mynasybetli eýýäm birnäçe gün bäri dürli çäreler — sergiler, maslahatlar, alabaýlaryň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşikleri, aýdym-sazly çykyşlar guraldy we beýleki medeni çäreler geçirildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şu gün Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynda geçirilen esasy dabaralara Hökümet agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň ýurtdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary, kinologlar, itşynaslar, ugurdaş edaralaryň hünärmenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Toplumyň çäginde ýurduň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden milli amaly-haşam, şekillendiriş sungatynyň eserleriniň, fotosuratlaryň, halk senetçiliginiň, neşir, haly hem-de heýkeltaraşlyk önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Olarda tebigatyň ajaýyp peşgeşi bolan türkmen alabaýlary esasy gahrymanlar boldy.
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynyň esasy girelgesiniň öňündäki meýdançada folklor we tans toparlarynyň aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlary guraldy.
Bu ýerde guralan dabaralaryň çäklerinde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň we türkmen alabaýyna bagyşlanan döredijilik gözden geçirilişleriniň jemleri jemlenildi. Toplumyň syn ediş meýdançasyna bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda saýlanyp alnan, ýurduň dürli sebitlerinden iň gowy alabaýlaryň 10-sy çykaryldy. Emin agzalaryna we tomaşaçylara alabaýlaryň atlary, ýaşy, nesil ugry, eýesi baradaky maglumatlar mälim edildi.
Alabaýlaryň janköýerleri olaryň täsin daşky keşbi bilen birlikde, bäsleşigiň dowamynda görkezen edermenligine we başarjaňlygyna, päsgelçiliklerden geçende tizlik we takyklyk babatdaky görkezijilerine baha berdiler.
Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli, ýurduň welaýatlarynda hem baýramçylyk konsertleri, sergiler, edebi-sazly, şahyrana duşuşyklar, itşynaslary sylaglamak ýaly çäreler ýaýbaňlandyryldy.
Ozal habar berşimiz ýaly, Aşgabatda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň üçünji mejlisi geçirilip, onuň dowamynda assosiasiýanyň düzümine täze agzalar kabul edildi, şeýle hem tapawutlanan kinologlara, döwlet Baştutanynyň Permany bilen, «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy.
28-nji oktýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde itşynaslygyň möhüm wezipelerine bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi.