Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Noýabr aýynda Türkmenistanda nähili medeni çäreler geçiriler?!

09:1529.10.2023
0
28177

Ozal habar berşimiz ýaly, 28-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer M.Mämmedowa şu ýylyň noýabr aýynda meýilleşdirilen esasy çäreleriň hem-de medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralarynyň tertibi barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, noýabr aýynyň dowamynda welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, şeýle hem 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini we aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemleniler hem-de «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly uniwersiada, sport ýaryşlary, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar, şeýle hem häzirki zaman koreý sazlarynyň konserti, koreý kinofilmleriniň görkezilişi guralar.

Şeýle hem önümçilik we medeni-durmuş maksatly täze desgalary açmak we olaryň düýbüni tutmak dabaralary guralar. Ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hem meýilleşdirilýär.

Noýabr aýynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň, fransuz we german sazandalarynyň bilelikdäki konserti, «Ýaşlar» atly kinofilmiň ilkinji görkezilişi, Hasyl toýy mynasybetli dabaralar, «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara teatr festiwaly, şeýle hem Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçiriler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp:

– Noýabr aýynda meýilleşdirilýän medeni çärelerde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler, halkymyzyň belent watançylyk ruhy öz beýanyny tapmalydyr – diýip belledi.

Döwlet Baştutany wise-premýer M.Mämmedowa meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň