Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Prezident «Arçman» şypahanasynda täze Bejeriş merkezini gurmak barada Karara gol çekdi

22:1928.10.2023
0
26350

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze 400 orunlyk Bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň taslamasyny düzmek we ony döwrebap enjamlar bilen üpjün edip, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak hem-de öň bar bolan «A» we «B» binalarynyň durkuny täzelemek işlerini ýerine ýetirmek barada «Nahal» hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminama laýyklykda, şeýle-de şertnamada binalar toplumy üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň durkuny täzelemek ýa-da täzelerini gurmak we olary umumyşäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek göz öňünde tutulandyr.

Gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň noýabr aýynda başlamak we binalar toplumyny 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde beýan edilişi ýaly, döwlet Baştutany resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň çäklerinde bar bolan mineral suwlarynyň şypahana bejerişiniň dürli ugurlaryny ylmy esasda öwrenip, olaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça giň gerimli işleri amala aşyrmak maksady bilen gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň