Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli festiwalyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada HHM habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, dabara kompozitor Daňatar Hydyrowyň sazyna döredilen «Türkmenistan Garaşsyz» atly eser bilen başlandy. Ony Türkmenistanyň Döwlet hory hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestri ýerine ýetirdi.
Soňra sahnada Nury Halmämmedowyň “Türkmenistan” simfoniki şekilleri ýaňlandy. Oňa Eziz Jumanyýazow dirižýorlyk etdi.
«Mukam» skripkaçylar toparynyň ýerine ýetirmeginde Nury Halmämmedowyň «Nagmalar» eseri tomaşaçylarda uly joşgun döretdi.
Soňra kompozitor Nury Halmämmedowyň döwürdeşleri, halypa sungat ussatlary çykyş etdiler. Olar kompozitor bilen bilelikde eser döreden pursatlarynyň ýatlamalaryny paýlaşdylar.
Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Nury Halmämmedow 1938-nji ýylda doguldy. Ol ýaşan ömründe türkmeniň nusgawy sazynyň ösmegine möhüm goşant goşdy.
Dabara kompozitor Nury Halmämmedowyň döreden eserleriniň ýaňlanmagy bilen dowam etdi. Olaryň hatаrynda «Dutaryň owazy» hem bar. Ony Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow ýerine ýetirdi.
Festiwal iki gün dowam eder. Onuň çäklerinde Aşgabatda, Arkadag şäherinde we ýurduň welaýatlarynda dürli medeni çäreler guralar.