Turkmenportal logo
27.10.23
3309033090
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dünýädäki iň iri garaşsyz gazna 30 milliard dollaryny ýitirdi
Surat: tengrinews.kz

Dünýäde iň uly garaşsyz gazna bolan Norwegiýanyň Döwlet pensiýa gaznasy (GPFG) uly möçberde ýitgi çekendigi barada habar berdi diýip, gaznanyň hasabatyna salgylanýan «Tengrinews.kz» ýazýar.


Şunlukda gazna ýylyň üçünji çärýeginde girdejisini 2,2 göterim azaltdy, bu 34 milliard dollara golaýdyr.


Aýratyn hem girdejililige tehnologik, senagat we sarp ediş pudaklary, şeýle hem norweg kronynyň hümmediniň ýokarlanmagy ýaramaz täsir etdi diýip, gaznanyň baş direktorynyň orunbasary Trond Grande beýanat berdi.


Norwegiýanyň Döwlet pensiýa gaznasyna (GPFG) dünýädäki paýnamalaryň ählisiniň 1,5 göterime golaýy degişlidir, şeýle-de onuň 70 ýurtdaky 9,2 müň kompaniýada paýy bar.


Olaryň arasynda Apple, Microsoft, Alphabet (Google), Amazon.com we Nvidia ýaly iri kompaniýalar bar. Gaznanyň döwlet gymmatbaha kagyzlarynyň bukjasynda ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň we Germaniýanyň gymmatbaha kagyzlary hem bar.