Turkmenportal logo
26.10.23
2833828338
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi 2024-nji ýylda Aşgabatda geçiriler
GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi 2024-nji ýylda Aşgabatda geçiriler

GDA agza ýurtlaryň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi 2024-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçiriler. Muny Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Akylbek Žaparow Arkalaşygyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Bişkekde geçirilen duşuşygynda mälim etdi diýip, TASS habar berdi.


«Geňeşimiziň mejlisini 2024-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirmek kararyna gelindi» diýip, ol ilki Premýer-ministrleriň duşuşygynyň boljakdygyny belledi.


Bişkekdäki duşuşyga Russiýanyň, Belarusyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň Hökümet Baştutanlary, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Premýer-ministrleriniň orunbasarlary, şeýle hem Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň gurluşlarynyň hem-de Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdyla