Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Minskde Ýewraziýanyň howpsuzlygy boýunça ýokary derejeli maslahata çagyryldy

15:1226.10.2023
0
16310

Türkmenistan Minskde Ýewraziýanyň howpsuzlygy boýunça ýokary derejeli maslahata gatnaşar. Bu barada BELTA habar berýär.

Habarda bellenilmegine görä, «Ýewraziýanyň howpsuzlygy: üýtgeýän dünýäniň şu güni we geljegi» diýlip atlandyrylan bu ýokary derejeli halkara maslahata dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan 300-den gowrak myhman gatnaşar.

«Häzir 180 sany daşary ýurtly gatnaşyjy tassyklanyldy. Jemi 300 töweregi myhman. 180 adamyň, ähtimal, 120-si ýörite şu maslahata gatnaşmak üçin geler. Gatnaşyjylar — dünýäniň dürli künjeklerinden. Biz myhmanlaryň iň köp wekilçilikli düzümini ýygnamaga synanyşdyk» diýip, Belarusyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Anatoliý Glaz habarçylara gürrüň berdi.

Ýokary derejeli maslahata şeýle hem Awstriýa, Azerbaýjan, Ermenistan, Braziliýa, Watikan, Beýik Britaniýa, Wengriýa, Wýetnam, Hindistan, Eýran, Gazagystan, Katar, Hytaý, Kuba, Gyrgyzystan, Latwiýa, Mongoliýa, Mýanma, Norwegiýa, BAE, Pakistan, Palestina, Koreýa Respublikasy, Russiýa, Serbiýa, Siriýa, ABŞ, Sudan, Täjigistan, Türkiýe, Özbegistan, Fransiýa, Şweýsariýa gatnaşar. Iri halkara çärä dürli halkara guramalar we döwlet birleşikleri hem çagyryldy.

Çäräniň dowamynda Ýewraziýanyň howpsuzlygy üçin global we sebit geosyýasy şertleri, ykdysady integrasiýa we bitewi Ýewraziýa howpsuzlyk arhitekturasynyň peýdasyna birleşmek; halkara we sebit guramalarynyň Ýewraziýa giňişligindäki täsiri, strategik durnuklylyk we ýadro ýaraglary: täze şertlerde Ýewraziýa üçin howplar we mümkinçilikler ýaly birnäçe anyk temany ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň