Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Şu ýylyň 8 aýynda Türkmenistanyň eksporty 7,8 milliard dollara barabar boldy

11:4226.10.2023
0
24058

2023-nji ýylyň 8 aýynda Türkmenistanyň eksportynyň umumy mukdary 7,8 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy. Muny Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow «OGT-2023» halkara nebit-gaz forumynda eden çykyşynda mälim etdi.

Çykyşda bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ýurduň daşary söwda dolanyşygynyň umumy mukdary 13,7 milliard ABŞ dollaryna ýetdi. Şeýlelik bilen, 2023-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Türkmenistanyň daşary söwdasynyň oňyn balansy 1,9 milliard ABŞ dollaryna barabar bolup, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny we döwletiň netijeli söwda syýasatyny görkezdi.

R.Jepbarow şeýle hem «Fitch Ratings» reýting gullugynyň soňky hasabatyna görä, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň daşarky karzynyň jemi içerki önümiň 4,9 göterimine barabardygyny aýtdy.

Mundan başga-da, R.Jepbarow Türkmenistanyň häzirki daşarky bergisiniň bary-ýogy 3,4 milliard dollardygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň