Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly halkara maslahat 27-nji oktýabra çenli dowam eder

22:2125.10.2023
0
11858

Şu gün günüň ikinji ýarymynda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly halkara maslahat öz işine başlady.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, halkara maslahatda energetika bazarynyň ösüşindäki ählumumy ýagdaýlara we hyzmatdaşlygyň geljegi, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek boýunça ozaldan bar bolan nebit we gaz känlerini işläp taýýarlamak, täzelerinde gazyp almak işini işjeňleşdirmek ýaly möhüm meselelere garaldy.

«Ählumumy energiýanyň geljegi» atly umumy mejlisde bilermenler forumyň energetika diplomatiýasynyň ýagdaýlaryna we geljekki ösüşine, energiýa söwdasynyň täze ugurlaryna, önümleriň bazar aýlanyşygynyň emele getirilmeginiň zerurlygyna baha bermäge, ileri tutulýan ugurlara gaýtadan seretmäge, energiýa howpsuzlygynyň, daşky gurşawyň goraglylygynyň meselelerini oňyn çözmäge şert döredýändigini bellediler.

Umumy mejlise ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, ilçi Jon MakGregor, BAE-niň «ADNOC» kompaniýasynyň pes uglerodly çözgütler we halkara ösüş boýunça ýerine ýetiriji direktory Musabbe Al-Kaabi, CNPC kompaniýasynyň prezidenti Hou Siszýun, SOCAR kompaniýasynyň prezidenti Rowşan Najaf, Energetika meseleleri boýunça Ýewropa komissary Kadri Simson, «SPE 2023-iň» prezidenti Medhat M.Kamal, ABŞ-nyň «Baker Hughes» kompaniýasynyň Hazar sebiti boýunça wise-prezidenti Ýelena Akolsewa, «British Petroleum» kompaniýasynyň Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýe sebitiniň maliýe boýunça wise-prezidenti Kolin Allan, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Durnukly energetika bölüminiň direktory Dario Liguti we beýlekiler gatnaşdylar.

Daşary ýurtly myhmanlar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň özara bähbitli hyzmatdaşlyk boýunça çemeleşmeleriniň, ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze gurluşyny döretmek boýunça döredijilikli başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýedigine ünsi çekdiler.

Soňra maslahatyň işi aýratyn bölümçelerde dowam etdi.

Halkara maslahatyň işi 27-nji oktýabra çenli dowam eder. Oňa gatnaşyjylar «Uglewodorodlary gazyp almagyň ekologik taraplary», «Täze energetika çeşmeleriniň monetizasiýa we diwersifikasiýa hereketini çaltlaşdyrmak», «Üstünlikli energetika geçişinde tehnologik innowasiýa we adam maýasynyň orny» atly mowzuklaýyn mejlislerde meseleleriň giň toplumyny, şol sanda nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, pudagyň ylmy kuwwatyny ösdürmek, nebitgaz pudagynyň ösdürilmeginde ylmy-barlag we tejribe-konstruktorçylyk işleriniň orny baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar. Utgaşykly görnüşde geçiriljek mejlislerde daşary ýurtly iri ugurdaş kompaniýalaryň we halkara maliýe guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, bilermenler çykyş ederler. Şeýle hem olarda dünýäniň birnäçe ugurdaş kompaniýalarynyň täze işläp taýýarlamalary tanyşdyrylar, bu ugurda tejribeler alşylar.

Maslahatyň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň edaralarynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen, bu pudakda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň strategik ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin, ikitaraplaýyn duşuşyklary geçiriler. Şeýle hem metbugat maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň