Türkmenistan we Dagystan Türkmenbaşy we Mahaçkala portlarynyň arasynda ilkinji ýük gämisiniň işe girizilmegini işjeň ara alyp maslahatlaşýarlar. Muny «Mahaçkalanyň deňiz söwda porty» paýdarlar jemgyýetiniň çeşmelerine salgylanyp, «Mirmol» sebitara ýaşlar maglumat çeşmesi habar berýär.
«Bu ugur 2023-nji ýylyň ahyryna çenli işe giriziler diýlip çaklanylýar. Türkmenistanly hyzmatdaşlardan ilkinji gäminiň görnüşi we ony ýerleşdirmegiň formaty barada maglumat almak üçin garaşýarys, şol esasda biziň üçin zerur ýük bazasy we port infrastrukturasy taýýarlanar» diýip, Mahaçkala portunyň wekilleri belleýärler.
Şeýle hem konteýner daşamak üçin parom hyzmatynyň ilkinjileriň hatarynda ýola goýuljakdygy habar berildi. Gäminiň gelmegi Türkmenbaşy bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň üstünlikli ýola goýulmagynyň alamaty bolar diýip, çeşme nygtaýar.
Belläp geçsek, Mahaçkala bilen Türkmenbaşynyň arasynda ýük baglanyşygyny açmak pikiri Russiýanyň Türkmenistandaky söwda wekili Aleksandr Ýelizarow tarapyndan yglan edilipdi.