22-nji oktýabrda Er-Riýadda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Saud Arabystany Patyşalygyna saparynyň çäginde Türkmenistanyň we Saud Arabystanynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi. Duşuşykda Saud Arabystanyna daşary işler ministriniň orunbasary Walid El-Hereji wekilçilik etdi.
Geňeşmeleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berdiler, şeýle hem köptaraply türkmen-saud gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Şol bir wagtyň özünde diplomatlar halkara we sebit gün tertibi barada pikir alyşdylar.
Saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti Saud Arabystanynyň Energetika ministrliginde gepleşikleri geçirdi. Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasynda nebit, gaz we himiýa pudaklarynda, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinde hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Saparyň çäginde türkmen wekiliýeti Saud Arabystanynyň «Saudi Arabia Global Pipeline Company» kompaniýasynyň wekilleri bilen hem duşuşyk geçirdi.