Top.Mail.Ru

AÇL. «Pahtakor» — «Ahal» oýnunyň esasy düzümleri belli boldy

18:0024.10.2023
0
41296

AFK Çempionlar ligasynyň üçünji tapgyryndan orun alan «Pahtakor» — «Ahal» oýnunyň esasy düzümleri belli boldy.

«Ahal»: Rüstem Ahallyýew (derwezeçi), Şöhrat Söýünow, Hakmuhammet Bäşimow, Furkat Tursunow, Ata Geldiýew, Adylbek Rawşanow, Elman Tagaýew (kapitan), Daýanç Meredow, Döwran Hojamämmedow, Meýlis Diniýew, Ýazgylyç Gurbanow.

Ätiýaçdakylar: Döwletýar Berdiýew (derwezeçi), Azatmuhammet Hojamuhammedow, Toýly Batyrow, Ýakup Maksadow, Beglimuhammet Bekmyradow, Atageldi Geldiýew, Gurban Annaýew, Selim Omarow, Orazaly Begnazarow, Alibek Abdyrahmanow, Möwlamberdi Goşşanow, Begenç Mämiýew.

Baş tälimçi — Serdar Geldiýew.

«Pahtakor»: Pawel Pawlýuçenko (derwezeçi), Hojiakbar Alijonow, Şahzod Azmiddinow, Muhammadkodir Hamraliýew, Farruh Saýfiýew, Odil Hamrobekow, Sardor Sobirhujaýew, Diýor Holmatow, Azizbek Turgunboýew, Hojimat Erkinow, Pulathuja Holdorhonow.

Baş tälimçi — Maksim Şatskih.

Ozal habar berşimiz ýaly, «Pahtakor» — «Ahal» oýnuna Türkmenistanyň çäginde IPTV ulgamynda elýeterli bolan Täjigistanyň «Futbol HD» hem-de Özbegistanyň «Sport» teleýaýlymlarynyň üsti bilen göni ýaýlymda tomaşa edip bolar.

Ýeri gelende ýatlatsak, AFK Çempionlar ligasynyň «A» toparçasynda iki tapgyryň jemleri boýunça «Al-Aýn» topary 6 utuk bilen turnir tablisasynda liderlik edýär.«Ahal» we «Al-Feýha» toparlarynyň bolsa hersinde 3 utuk bar. Heniz utuk gazanyp bilmedik «Pahtakor» toparçada iň soňky orny eýeläp dur.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň