Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Awstriýanyň işewür wekiliýeti dekabr aýynda sapar bilen Türkmenistana geler

11:3724.10.2023
0
26629

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we Halkara gatnaşyklar ministri Aleksandr Şallenberg bilen duşuşdy. Duşuşyk ministrler derejesindäki «Merkezi Aziýa — ÝB» duşuşygynyň çäginde geçirildi diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy tarapyndan habar berildi.

Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegini, şol sanda dekabr aýynda awstriýaly işewürleriň Türkmenistana boljak saparyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň depginli häsiýetini bellemek bilen, söhbetdeşler halkara giňişlikde, hususan-da BMG-niň meýdançasynda utgaşdyrmagyň möhümdigini aýtdylar. Bu meselede Raşid Meredow Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk ýagdaýyny goldaýandygy üçin Awstriýa hoşallyk bildirdi.

Duşuşykda BMG-niň Türkmenistan tarapyndan başy başlanan we ulag, energetika, ekologiýa we howpsuzlyk bilen baglanyşykly kararnamalaryna aýratyn üns berildi. Aleksandr Şallenberg Türkmenistanyň halkara giňişlikde eýeleýän parahatçylyk söýüji ýurt hökmündäki ornunyň möhüm ähmiýetini belläp geçdi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Merkezi Aziýanyň ÝHHG bilen hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan bu gurama işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.

Sebitdäki durnuklylygyň bähbidine Türkmenistanyň Owganystan bilen özara täsirine aýratyn üns berildi. Taraplar Owganystandaky asuda durmuşy dikeltmäge gönükdirilen ynsanperwer we ykdysady taslamalary durmuşa geçirmegiň tarapdarydyklaryny mälim etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň