Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow Er-Riýadda Saud Arabystanynyň Ösüş gaznasynyň baş direktory Soltan bin Abdul Rahman Al-Mürşid bilen duşuşdy. Bu barada «Riyadh Daily» neşiri tarapyndan habar berildi.
Gepleşiklere gatnaşan türkmen wekiliýetiniň düzümine «TAPI Pipeline Company Limited» kompaniýasynyň baş direktory Muhammetmyrat Amanow hem girdi.
Duşuşykda Türkmenistanyň durnukly ösüşe goşant goşmagy maksat edinýän dürli möhüm ykdysady taslamalaryny ösdürmek maksady bilen maýa goýum hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Saud Arabystanyň Ösüş gaznasynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň derejesine baha berildi.