Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýä resmi sapary amala aşyrar, Türkmenistanda içerki pasportyň täze nusgasy tassyklandy, Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň rus dildäki neşiriniň tanyşdyrylyşy geçirildi we beýleki habarlar

13:3921.10.2023
0
28294

Türkmenistanda

1. 25-26-njy oktýabr aralygynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi sapary amala aşyrar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berdi. Döwlet Baştutany öňde boljak saparyň iki ýurduň doganlyk halklarynyň taryhy taýdan emele gelen umumylygyna daýanýan, däp bolan türkmen-türk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýardam etjekdigini aýtdy.

2. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň nusgasyny we ýazgysyny, ony resmileşdirmegiň we bermegiň tertibini, şeýle-de ondan peýdalanmagyň kadalaryny tassyklady. Kararda öň berlen köne nusgadaky Türkmenistanyň raýatynyň pasporty, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ony çalşyrmak üçin esas bolmadyk ýagdaýynda, onuň täze nusgasyna çalşyrylmaga degişli däldigi bellenilýär.

3. Sankt-Peterburgda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyşy boldy. Bu çäre Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer bileleşiginiň bölümi tarapyndan Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň goldaw bermeginde guraldy. Oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň soňky gazananlary barada gürrüň berýän wideoşekillere tomaşa etdiler. Tanyşdyrylyş dabarasynyň çäklerinde Türkmenistan, türkmen milli halylary we bezeg şaý-sepleri baradaky suratlaryň, kitaplaryň hem-de žurnallaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

4. Türkmenistanyň meşhur sazandalary we sungat işgärleri Awstriýanyň paýtagtynda beýik türkmen şahyry hem-de akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan gala konsert berdiler. Türkmenistanyň at gazanan artistleri Garýagdy Saryýew we Leýli Ökdirowa Magtymgulynyň goşgularyna döredilen aýdymlary ýerine ýetirdiler. Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Ýaşlar kamera orkestri olara türkmen kompozitorlarynyň sazlary bilen goldaw berdiler. Häzirki zaman sazlarynyň Magtymgulynyň çuňňur poeziýasy bilen utgaşdyrylmagy diňleýjilerde uly täsir galdyrdy.

5. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda ýurduň ýokary synp mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň üçünji möwsüminiň saýlama tapgyrynyň ilkinji oýny geçirildi. Möwsümiň açylyş bäsleşigine Aşgabat şäheriniň, Ahal, Mary we Balkan welaýatlarynyň orta mekdepleriniň 10-njy we 11-nji synp okuwçylary bolan sekiz oýunçy gatnaşdy.

6. Türkmenistanda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi Aşgabat – Gökdepe demirgazyk sowma awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek işlerini ýerine ýetirer. Bu ýoluň ugry boýunça häzirki döwrüň talaplaryna we halkara ölçeglerine laýyk gelýän, sil-suw akabasynyň hem-de demir ýoluň üstünden geçýän täze awtomobil köprülerini gurmak göz öňünde tutulýar.

7. «Näzli» türkmen tans topary 18 — 20-nji oktýabrda Nýu-Delide geçirilen 9-njy Halkara tans we aýdym-saz festiwalyna gatnaşdy. Festiwal Hindi medeni gatnaşyklar geňeşi tarapyndan guraldy we 12-den gowrak ýurtdan döredijilik toparlary çykyş etdi. Türkmen tans toparynyň festiwala gatnaşmagy Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň çäginde geçirildi.

Dünýäde

8. Awstraliýanyň gündogar ştatlarynyň ýolbaşçylary sebitiň ýaşaýjylaryna iň howply Sidneý süýri garynly möýleriň ýaýrap başlandygy barada duýduryş berdiler. Ýagyşdan soň olar howlularda we jaýlarda köpçülikleýin peýda bolup biler, bu bogunaýaklylar ýokary çyglylygy bolan garaňky ýerleri has gowy görýärler. Awstraliýalylar şeýle ýerlerden örän habardar bolmaga çagyrylýar. Sidneý süýri garynly möýleriň zäheri ölüm howpludyr – antidot kabul edilmese, onuň çakmagy bary-ýogy 15 minutda yzyna gaýtaryp bolmajak netijelere sebäp bolup biler.

9. Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Amaly ekologiýa institutynyň alymlary Hytaýyň «Beýik ýaşyl diwar» ady bilen hem tanalýan dünýädäki iň uly ekologiki dikeldiş taslamasynyň täsirine baha bermek üçin gözleg geçirdiler. Taslama 1978-nji ýylda başlandy we Hytaýyň demirgazygyndaky, demirgazyk-gündogaryndaky we demirgazyk-günbataryndaky gurak sebitlerde agaç nahallaryny hem-de gyrymsy agaçlary oturtmagy göz öňünde tutýar. 39 ýylyň dowamynda bu maksatnama ýylda 47 million tonnadan gowrak uglerodyň siňdirilmegine mümkinçilik döretdi.

Sport habarlary

10. Ýaş türkmen tennisçileri 13 – 20-nji oktýabr aralygynda Buharada geçirilen ATF halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler. Türkmenistanyň milli ýygyndysy üç altyn we iki kümüş medal gazandy. 14 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde Imran Ahundow ýeňiji boldy. Selim Çagylow ikinji orny eýeledi. Oglanlaryň arasynda jübütleýin görnüşde geçirilen ýaryşda Ahundowdan we Çagylowdan ybarat türkmen topary çempion boldy. Bäsleşigiň zenanlaryň arasynda geçirilen bölüminde Ilima Guseýnowa ýekelikde geçirilen ýaryşda ýeňiji boldy. Garyşyk jübütlerde Guseýnowa özbek türgen Samira Kamalowa bilen bilelikde kümüş medal gazandy. Türkmen tennisçileri ýaryşda Andreý Dowmatowyň we Ýewgeniý Molçanowyň ýolbaşçylygynda çykyş etdiler. Bäsleşige Merkezi Aziýa ýurtlaryndan altmyşdan gowrak türgen gatnaşdy.

11. Aşgabatda «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» ady bilen geçirilýän Uniwersiada badalga berildi. Sport festiwalynyň açylyş dabarasy ajaýyplygy we köpöwüşgünliligi bilen tapawutlandy. Oňa dürli ýokary okuw mekdeplerini talyplary gatnaşdylar we ýeňil atletika, gimnastika, sambo, suwda ýüzmek, küşt we tennis ýaly sport görnüşleri boýunça çeýeligi, ukyplylygy we güýçlerini görkezdiler. Uniwersiadanyň maksatnamasy jemi 22 sport görnüşini öz içine alýar. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň aýdym-saz toparynyň çykyşy dabara aýratyn bezeg berdi.

12. 20-nji oktýabrda Arkadag şäherinde Türkmenistan kikboks çempionaty geçirildi. Bu ýaryş golaýda Portugaliýada geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin ýurduň milli ýygyndysynyň düzümini kesgitledi. Milli çempionata ýurduň ähli sebitlerinden toparlar gatnaşdylar. Dört günüň dowamynda dürli agram derejesindäki 200-den gowrak türgen iň oňat söweşiji diýen ady eýe bolmak urunda bäsleşdi. Ýaryşyň netijelerine görä, Aşgabadyň türgenleri toparlaýyn ýaryşda ýeňiji boldular. Lebap welaýatynyň wekilleri ikinji Daşoguz we Mary welaýatlarynyň wekilleri üçünji orny eýelediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň