Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş müdirligine Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň durkuny täzelemek, goşmaça binalary we desgalary gurmak barada «Gap Inşat Yatirim we Diş Tijaret A.Ş» türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara şu gün sanly ulgam arkaly geçiren nobatdaky Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak hem-de binalary we desgalary 2026-njy ýylyň aprel aýynda ulanmaga doly taýýar etmek tabşyryldy.
Resminama Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek we ýurtda döwlet çärelerini ýokary derejede geçirmek maksatlaryndan ugur almak bilen kabul edildi.