Soňky habarlar

Arhiw

«Titanik» 4K Ultra HD çözgüdinde çykarylar

14:0520.10.2023
0
22578

Režissýor Jeýms Kemeronyň 1997-nji ýylyň dekabrynda ekranlara çykan «Titanik» atly meşhur filmi geçen ýyl 25 ýyllygyny belledi, emma bu sene bilen bagly çäreler dowam edýär.

Filmiň ahyrsoňy 4K Ultra HD/Digital Blu-ray ölçeginde çykjakdygy belli boldy, ol iri sanly meýdançalarda elýeterli bolar. Filmiň premýerasy 2023-nji ýylyň 5-nji dekabryna bellendi.

«Titanik» öz döwründe dünýäde kassa ýygymlary babatda öňdeligi eýeledi, ol häzir hem Jeýms Kemeronyň «Awatar» we «Awatar: Suwuň ýoly» filmlerinden soň bu ugurda dördünji orny eýeleýär.

Film 11 ugur boýunça «Oskar» kino baýragyna mynasyp boldy.

«Titanigiň» 4K ölçegdäki Blu-ray sowgatlyk neşiri 15 sagatlyk maglumatlary, şol sanda Kemeronyň, Jon Landaunyň we Keýt Uinsletiň täze interwýularyny özünde jemlär diýip, «Kinonews.ru» habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň