Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedowyň HHR-e iş sapary tamamlandy, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş konsuly Nižniý Nowgorod uniwersitetiniň türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirdi we beýleki habarlar

11:0920.10.2023
0
27920

Türkmenistanda

1. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pekine iş sapary tamamlandy. Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaýa saparynyň çäklerinde «Bir guşak, bir ýol» forumyna gatnaşdy we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.

2. Türkiýäniň «TRT» döwlet teleradiokompaniýasy «Arkadagyň säheri» kinofestiwalynyň guramaçylaryna minnetdarlyk bildirip, olaryň öz işleriniň üsti bilen Türkmenistanyň taryhyny, medeniýetini we gözelligini tutuş dünýä ýetirmäge çalyşýandygyny belledi. Ýeri gelende bellesek, festiwalyň çäklerinde «TRT» «Aşgabat» kinoteatrynda «Köneürgenç» we «Beýik seljuklaryň yzy bilen, paýtagt Merw» atly gysga filmlerini görkezdi.

3. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş konsuly Güýç Garaýew Loboçewskiý adyndaky Nižniý Nowgorod döwlet uniwersitetiniň türkmen talyplary bilen duşuşdy. Garaýew Türkmenistanda türkmen ýaşlarynyň meselelerine aýratyn üns berilýändigini belläp, watandaşlaryny öz ugurlarynda ýokary derejeli hünärmenler bolmak üçin gowy okamaga çagyrdy.

4. «Bir guşak, bir ýol» forumynyň çäklerinde Pekinde açylan «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» sergisinde türkmen halylary we el işleriniň nusgalary görkezildi. Milli keşdeçilige degişli işler sergä gatnaşyjylaryň arasynda aýratyn gyzyklanma döretdi. Çäräniň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň agtygy türkmen halkynda gorag maksatly ulanylýan alajany örmegiň usulyny ussatlyk bilen görkezdi.

5. BMG-niň Ösüş maksatnamasy Bütindünýä banky tarapyndan maliýeleşdirilýän «Türkmenistanda COVID-19-a jogap» maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine derman serişdeleriniň nobatdaky tapgyryny iberdi. Dermanlar Aşgabatdaky we welaýatlardaky lukmançylyk edaralaryna paýlanar.

Dünýäde

6. «Moda hökümi» gepleşigi täze alypbaryjy bilen Birinji ýaýlyma (Perwyý kanal) gaýdyp geler. Bu barada ýaýlymyň baş direktory Konstantin Ernst habar berdi. Geçen ýylyň başynda «Moda hökümi» gepleşigi çykmagyny bes edipdi. Dürli ýyllarda onuň alypbaryjysy hökmünde Wýaçeslaw Zaýsew, Walentin Ýudaşkin, Aleksandr Wasilýew we beýlekiler çykyş edipdiler. Gepleşikde «aýyplaýjynyň» roluny tele alyp baryjy we moda bilermeni Ewelina Hromçenko ýerine ýetirýärdi.

7. 1996-njy ýylda Meksikada «Titanik» filminiň surata düşüriliş meýdançasynda alnan höwesjeň suratlar satuwa çykaryldy. Suratlarda baş keşpleri janlandyrýan aktýorlar Leonardo Di Kaprio bilen Keýt Winsletiň arakesmelerdäki şekilleri ýerleşdirilipdir. Olaryň birinde Keýt filmiň ahyrynda geýen ak halas ediş gursakçasynda, Di Kaprio bolsa adaty döwrebap penjekde surata düşürilipdir.

Sport habarlary

8. AFK Çempionlar ligasy indiki möwsümden başlap möhüm özgertmelere sezewar bolar. Bir ýaryşyň ýerine ikisi geçiriler – Elita Çempionlar ligasy we Çempionlar ligasy 2. Täze düzgünlere görä, elita ýaryşynyň jemleýji tapgyrlary – çärýek final, ýarym final we finallar merkezileşdirilen görnüşde bir ýurtda geçiriler. Häzirki wagtda Türkmenistanyň AFK-nyň sanawynda Günbatar zolakkda onunjy orunda durýandygyny bellemek gerek, bu ikinji Çempionlar ligasyna iki topary çykarmaga hukuk berýär – birini toparçalaýyn tapgyra, birini bolsa pleý-off tapgyryna.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň