Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Pekinde türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň sergisi guraldy

14:3119.10.2023
0
60261

18-nji oktýabrda Hytaýyň Zenanlar we çagalar milli muzeýinde türkmen halylaryna, el işlerine bagyşlanan milli sergi guraldy. Günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa bu muzeýe hem baryp gördi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, muzeýiň baş girelgesiniň öňünde onuň ýolbaşçylary myhmany mähirli garşyladylar.

Soňra Gahryman Arkadagyň maşgalasynyň Ählihytaý zenanlar federasiýasynyň başlygy, Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Milli komitetiniň başlygynyň orunbasary Şen Ýueýue bilen çaý başyndaky söhbetdeşligi boldy. Hanym Ogulgerek Berdimuhamedowa mähirli garşylanandygy, bildirilen myhmansöýerlik üçin Şen Ýueýue minnetdarlyk bildirdi hem-de şu gün özüne hytaý topragyna ilkinji gezek myhman bolmagyň miýesser edendigini aýtdy.

Şu gün Pekin şäherinde halkymyzyň milli gymmatlyklary bilen tanyşdyrmaga giň mümkinçilik döredildi. Munuň üçin hytaý tarapyna çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris. Biz şu günki sergimizi hem «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip atlandyrýarys. Bu sergi iri halkara forumyň çäginde geçýär. Sergimizde nepis halylarymyzyň dürli görnüşlerini, şeýle hem el işleriniň nusgalaryny görkezeris. Bu gymmatlyklar bize ene-mamalarymyzdan miras galan gaýtalanmajak sungatdyr - diýip, ussat halyçy Ogulgerek Berdimuhamedowa aýtdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda Ogulgerek Berdimuhamedowa ýaşlaryň nesil terbiýesi, zähmet endikleri bilen bagly birnäçe sowallar bilen ýüzlenildi. Gahryman Arkadagyň maşgalasy hormatly Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň taryhynyň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny öwrenmek, medeni mirasynyň esasy ugurlaryny geljek nesillere ýetirmek ugrunda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda bilelikde ýadygärlik surata düşüldi.

Soňra belent mertebeli myhmanyň we Şen Ýueýueniň gatnaşmagynda türkmen halylaryna we el işlerine bagyşlanan, türkmen halkynyň köptaraply zehininiň aýdyň nyşanyna öwrülen milli amaly-haşam sungatynyň hem-de döredijiliginiň, halk senediniň görnüşlerini dolulygyna şöhlelendirýän milli serginiň açylyş dabarasy geçirildi.

Ägirt uly monitorlarda Türkmenistanda halyçylary sarpalap geçirilýän halkara forumlardan pursatlar şöhlelendirildi.

Sergi üç bölümden ybarat bolup, olaryň birinjisi ýüň halylara we halyçylyga, ikinjisi ýüpek halylara, üçünjisi bolsa keteni — milli keşdeçilik we matalar bölümine bagyşlandy. Sergide arassa ýüňden, ýüpekden dokalan halylaryň nusgawy görnüşleri, tebigatyň özboluşly gözelligi şekillendirilen surat eserleri görkezildi. Bu ýerde haly-palas dokamagyň köp dürli görnüşleri, kilimler, sowgatlyk önümleriň uly toplumy, göze gelüwli torbalar, ketenä salnan milli nagyşlaryň we amaly-haşam sungatynyň özboluşly nusgalary bar.

Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagyň agtygy sergini synlamaga gelenlere alaja örmegiň usulyny ussatlyk bilen görkezdi. Munuň özi türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlarynyň nesilden-nesle geçirilip, mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Sergini synlamaga gelenler Ogulgerek Berdimuhamedowanyň agtygynyň ussatlyk bilen alaja örüşini uly gyzyklanma hem-de haýran galmak bilen synladylar.

Sergide 1949-njy ýylda Altaý daglarynyň Pazyryk belentliginde üsti açylan, müdimi buzluklarda saklanyp galan, haly dokamagyň türkmen usullaryna mahsus görnüşde taýýarlanylan, Oguz hanyň nesil daragtyny alamatlandyrýan 24 agtygynyň simmetrik görnüşdäki 24 göli şekillendirilen iň gadymy meşhur halynyň nagyşlaryny dolulygyna diýen ýaly gaýtalaýan, ilkinji gezek ýüpekde dokalan täsin nusgasy hem görkezilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň