Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Pekinde bolýan Ogulgerek Berdimuhamedowa üçin ýörite medeni maksatnama taýýarlanyldy

17:0218.10.2023
0
49318

Pekin şäherinde geçirilýän «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýanynda bolýan maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa üçin ýörite medeni maksatnama taýýarlanyldy. Onuň çäginde şu gün Gahryman Arkadagyň maşgalasy Pekiniň sungat muzeýine hem-de Hytaýyň zenanlar we çagalar milli muzeýine baryp gördi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berildi.

Pekiniň sungat muzeýine gelende, türkmen halkynyň Milli Lideriniň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa HHR-iň Başlygynyň maşgalasy Pen Liýuan bilen surata düşdi. Soňra belent mertebeli myhmanlar muzeýiň «Dört deňziň joşuşy» zalynda, şeýle-de Hytaýyň milli teatr lybaslarynyň sergilenýän zalynda ýerleşdirilen eksponatlar bilen tanyşdylar. Bu ýerde wekiliýet Baştutanlarynyň maşgalalarynyň hanym Pen Liýuan bilen bilelikde Pekin opera çykyşlaryna tomaşa etmegi hem täsirli boldy.

Habarda bellenilişi ýaly, Hytaýyň zenanlar we çagalar milli muzeýinde Gahryman Arkadagyň maşgalasy muzeýiň ýolbaşçylary tarapyndan mähirli garşylanyldy. Bu ýerde onuň Ählihytaý zenanlar federasiýasynyň başlygy Şen Ýueýue bilen gysga wagtlyk çaý başyndaky söhbetdeşligi boldy. Soňra olar Türkmenistanyň haly we el işlerine bagyşlanan milli sergisiniň açylyş toý bagyny kesdiler.

Habarda bellenilişi ýaly, bu muzeýde iri halkara forumyň çäginde ýaýbaňlandyrylan türkmen milli sergisi «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyryldy. Ol ene-mamalardan miras galan gaýtalanmajak sungat hasaplanýan nepis türkmen halylarynyň dürli görnüşlerini, el işleriniň nusgalaryny özünde jemleýär. Milli Lideriň maşgalasy, Ählihytaý zenanlar federasiýasynyň başlygy we beýleki wekiller üç bölümden ybarat bolan sergi zallaryna aýlanyp gördüler.

Hanym Ogulgerek Berdimuhamedowa hytaý tarapynyň wekillerine olarda ýerleşdirilen gymmatlyklar barada gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, sergi ýüň halylar, ýüpek halylar, milli keşde we matalar bölümlerinden ybarat bolup, ýüň halylar Türkmenistanyň howa şertlerinde ýetişdirilýän saryja goýunlarynyň ýazlyk ýüňünden taýýarlanylýar. Ýüpek gurçugyndan alnan ýüpekden dokalýan ýüpek halylar, öz gezeginde, has inçeligi we berkligi bilen tapawutlanýar. Şunuň bilen baglylykda, myhmanlara Gadymy «Pazyryk» halysynyň ilkinji gezek ýüpekde dokalan täsin nusgasy hem görkezildi. Milli keşde we matalar bölüminde bolsa ýüpek keteniden taýýarlanylýan türkmen zenanlarynyň lybaslaryna, olara özboluşly öwüşgin çaýýan keşdelere orun berlipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň