Top.Mail.Ru

Pakistanyň Maýa goýum geňeşi TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilişini çaltlandyrmak isleýär

18:5317.10.2023
0
33551

Yslamabatda ýerleşýän Maýa goýumlaryny ösdürmek boýunça Ýörite geňeşiň Ýokary komiteti (SIFC) Pakistanyň Daşary işler hem-de Nebit ministrliklerine Saud Arabystanynyň «Aramco» we Pakistanyň «Pakistan State Oil» nebit-gaz kompaniýasy bilen gepleşikleriň, şeýle hem TOPH gaz geçirijisi bilen bagly meseleleriniň çözülmegini çaltlaşdyrmak boýunça tabşyryk berdi. Bu barada «Business Recorder» habar berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurduň ýokary derejeli raýat we harby ýolbaşçylaryny öz içine alýan Maýa goýumlaryny ösdürmek boýunça Ýörite geňeşiň Ýokary komiteti TOPH we beýleki ileri tutulýan taslamalar üçin belli bir möhletde anyk netijeleri gazanmak boýunça degişli görkezmeleri berdi.

Oňa laýyklykda, 2023-nji ýylyň 30-njy noýabryna çenli aşakdaky şertnamalara gol çekilmegi meýilleşdirilýär: kabul edýän Hökümetiň şertnamasy, Gazy üstaşyr geçirmek şertnamasy Turbageçiriji ulgamyň düzgünleri we ş.m.

Mundan başga-da, komitet ýurduň nebit, senagat we önümçilik ministriniň hem-de maliýe ministriniň elektrik energiýasynyň öndürilişi, täjirçilik we ýaşaýyş maksatly sarp edijileriň zerurlyklary üçin durnukly gaz üpjünçiligini ýola goýmakda gazanylan öňegidişlik bilen bagly hasabatlaryny diňledi.

Hasabatlarda ministrlikleriň derejesinde Türkmenistandan elektrik toguny satyn almagyň mümkinçiligini we mehanizmini öwrenmek üçin gepleşikleriň geçiriljekdigi, şeýle-de Azerbaýjandan we Türkmenistandan swop şertnamasy esasynda tebigy gazy import etmegiň mümkinçiliklerine hem garaljakdygy habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň