Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Gazprom» Eýranyň Türkmenistanyň gatnaşmagynda gaz merkezini döretmek baradaky teklibini öwrener

16:1917.10.2023
0
39799

«Eýranyň Türkmenistanyň, Russiýanyň we Kataryň gatnaşmagynda gaz merkezini döretmek baradaky teklibine baha bermek we öwrenmek gerek» diýip, Russiýanyň wise-premýeri Aleksandr Nowak «RT Arabic» teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň resmi saýtynda habar berildi.

«Meniň pikirimçe, «Gazprom» kompaniýamyz bu meseläni öwrener. Eger bu, hakykatdan hem, hakyky we potensial gowy taslama bolsa, elbetde, oňa Russiýa hem gatnaşar. Ýöne oňa baha bermeli we öwrenmeli» diýip, A.Nowak belledi.

Şeýle-de, Russiýanyň wise-premýeri häzirki wagtda türk hyzmatdaşlarynyň «Gazprom» tarapyndan Türkiýede gaz merkezini döretmegiň taslamasy boýunça taýýarlanan ýol kartasyny gözden geçirýändiklerini aýtdy.

Geçen hepde «Gazpromyň» ýolbaşçysy Alekseý Miller Eýranyň nebit ministri, NIOC-yň Müdirler geňeşiniň başlygy Jawad Ouji we Türkiýäniň energetika we tebigy baýlyklar ministri Alparslan Baýraktar bilen duşuşdy. Duşuşyklar 11 — 13-nji oktýabrda Moskwada geçirilen «Rus energetika hepdeligi — 2023» halkara forumynyň çäginde geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň