Dünýäde iň köp satylýan oýun belli edildi

13:3517.10.2023
0
32047

«Mojang» kompaniýasy «Minecraft» oýnunyň 300 million nusgalykda satylandygyny habar berdi diýip, «WindowsCentral» portalyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

«Mojang» kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, bu oýnuň dürli platformalarda satylan sany 300 million nusgalykdan agdy. Bu oýnuň esasy bäsdeşi «Grand Theft Auto V» oýnundan 115 million nusgalyk köpdür. Soňky iki ýarym ýylda «Minecraft» oýnunyň satuwy 26 göterim artdy.

Geljek ýylda bu oýnuň döredilenine 15 ýyl dolýar. «Mojang» munuň bilen baglylykda, 2014-nji ýylyň bütin dowamynda dürli çäreleri geçirmegi meýilleşdirýär. Galyberse-de, oýnuň täze nusgalary çykarylar.

«Minecraft» Şwesiýadan bolan programmaçy Markus Persson tarapyndan döredilen çäge görnüşindäki kompýuter oýnudyr. Oýny ilkinji gezek 2009-njy ýylda Perssonyň esaslandyran «Mojang AB» kompaniýasy neşir etdi.

Bäş ýyldan soňra «Microsoft» korporasiýasy oýny we kompaniýany 2,5 milliard dollara satyn aldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň