Aýdymçy zenan Teýlor Swiftiň «Taylor Swift: The Eras Tour» film-konserti ABŞ-da ilkinji dynç alyş günleri 100 million dollar kassa ýygymyny toplap biler diýip, «The Hollywood Reporter» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
Bu sanlary «AMC Theatre» distribýutory çaklaýar, emma bazary seljerijiler filmiň ýygymlaryny 90-110 million dollar aralykda çaklaýarlar.
Teýlor Swiftiň filmi ilkinji annada 39 million dollar gazandy, ol oktýabrda iň girdejili film bolup biler, munuň üçin filme «Jokerden» (96,2 million dollar) saýlanmak gerek diýip, bilermenler belleýärler.
Mundan başga-da, Swiftiň filminiň hümmetsizlenmäni hasaba almanda, ähli döwürleriň iň köp kassa ýygymly film boljakdygy nygtalýar.