Güýzüň salkyn howasy respirator medeniýetini berjaý etmegiň ähmiýetini ýatladýar

10:5714.10.2023
0
43168

Türkmenistana güýzüň salkyn howasy aralaşýar, onuň ýany bilen bolsa häzirki döwürde iň köp ýaýran ýokanç kesel bolmagynda galýan ýiti respirator keselleriniň möwsümi gelýär. BSGG-nyň maglumatlaryna görä, dünýädäki her üçünji adam her ýylda ýiti respirator kesellerinden ejir çekýär.

Häzirki wagtda dümewiň öňüni almagyň täsirli usuly bar – her ýyl üstünlikli geçirilýän sanjym.

Emma dümew wirusyndan başga-da, respirator ýokançlyklaryna sebäp bolýan başga-da köp patogenler bar. Olara garşy ýönekeý öňüni alyş çäreleri bilen hem göreşmek mümkindir. Hususan-da, respirator medeniýetini – jemgyýetçilik ýerlerinde respirator keselleriniň ýaýramagyny peseltmäge gönükdirilen özüňi alyp barmagyň ýönekeý we täsirli düzgünleriniň toplumyny berjaý etmek wajypdyr. Olaryň esasylaryny sanap geçeliň.

Üsgürilende ýa-da asgyrylanda:

  • ýüzüňizi daş-töwerekdäki adamlardan başga tarapa öwrüň; burnuňyzy we agzyňyzy elýaglyk bilen ýapyň, bir gezeklik kagyz salfetkalary ulanyň;
  • ulanylandan soň derrew kagyz salfetkany zibil gutusyna zyňyň;
  • salfetka ýa-da elýaglyk bolmadyk ýagdaýynda, üsgüreniňizde ýa-da asgyranyňyzda agzyňyzy tirsegiňiziň iç tarapy ýa-da ýeňiňiz bilen ýapyň;
  • eger mümkin bolsa, her gezek asgyranyňyzdan, burnuňyzy süpüreniňizden ýa-da üsgüreniňizden soň, şeýle hem burun süpürgijini zyňanyňyzdan soň elleriňizi sabyn bilen ýuwuň ýa-da antiseptik serişdäni ulanyň;
  • eger jaýyň umumy meýdanynda başga adamlaryň ýakynynda bolsaňyz, örtük dakynyň;
  • keseliňiz hakda maşgalaňyza we dostlaryňyza habar beriň. Gorag örtügini dakynmak keseliň beýleki adamlara ýokuşmagynyň öňüni alýar.

Keseliň inkubasiýa döwründe – onuň alamatlary ýüze çykmazyndan birnäçe sagatdan birnäçe güne çenli aralykda başgalara ýokuşýandygyny ýatdan çykarmaly däldir. Şonuň üçin heniz ýiti respirator ýokanç keselleri ýokuşmadyk adamlar hem ýönekeý düzgünleri berjaý etmelidirler:

- hassa görünýän, gyzgyny galýan we üsgürýän adamlar bilen ýakyn gatnaşykdan gaça durmaly;

- gujaklamakdan, öpmekden, elleşip salamlaşmakdan gaça durmaly;

- keseliň güýjeýän döwründe köp adamly ýerlere barmakdan gaça durmaly ýa-da ol ýerlerde geçirilýän wagty gysgaltmaly;

- eliňizi agzyňyza we burnuňyza degirmezlige synanyşmaly;

- elleriň arassaçylygyna üns bermeli – elleri sabyn we bol suw bilen ýygy-ýygydan ýuwmaly ýa-da spirt esasly dezinfeksiýa serişdesini ulanmaly;

- ýaşaýyş otaglarynda arassa howanyň akymyny artdyrmaly, mümkin boldugyça ýygy-ýygydan penjireleri açmaly;

- näsag adam bilen aragatnaşykda gorag örtüklerini dakynmaly;

- sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeli (gowy uky, deňagramly iýmitlenmek, beden işjeňligi, arassa howada yzygiderli gezelenç etmek).

Eger keselden gaça durmak başartmadyk bolsa, öýde galyň, lukmany çagyryň we özüňizi özbaşdak bejermäge synanyşmaň.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň