Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň dokma kärhanalary Özbegistandaky halkara sergä gatnaşarlar

15:4713.10.2023
0
37064

Türkmenistanyň dokma kärhanalary 18-20-nji oktýabr günlerinde Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçiriljek «Uztextilexpo-2023 Autumn VII» halkara dokma sergisine we moda görkezilişine gatnaşarlar. Sergi «Tashkent Textile Week» hepdeliginiň çäginde guralyp, ol Daşkent şäherindäki «UzExpoMarkaz» sergi merkezinde geçiriler. Bu barada özbek internet saýty habar berdi.

Halkara sergä we moda görkezilişine ýerli dokma önümlerini öndürijiler bilen bir hatarda Hytaýdan, Hindistandan, Belarus Respublikasyndan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkmenistandan we Täjigistandan dokma brendleriniň 180-den gowragy gatnaşar. Serginiň dowamynda oňa gatnaşyjylar özleriniň eksporta niýetlenilen dokma önümlerini görkezilişe çykararlar. Şeýle-de, gatnaşyjy ýurtlaryň dokma brendleriniň meşhur we täze moda kolleksiýalary görkeziler.

Serginiň dowamynda «Oztokimaçiliksanoat» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hem-de USAID tarapyndan «Brendleşmek mekdebi» atly okuw maslahatlary guralar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň