Soňky habarlar

Arhiw

Eduar Montut Arkadag şäherinde geçiriljek halkara film festiwalyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi

11:5213.10.2023
0
40530

«Taksi» filmindäki polisiýa inspektory Aleniň keşbi bilen tanalýan meşhur fransuz teatry we kino aktýory Eduar Montut Arkadag şäherinde geçiriljek halkara film festiwalyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Bu barada HHM habar berdi.

Montut Aşgabat şäherine geleninden soň žurnalistler bilen duşuşdy. Ol:

«Men Türkmenistana ilkinji gezek geldim. Bilşime görä, ýurtda ilkinji gezek geçirilýän bu festiwala gatnaşýanym üçin men örän şat. Festiwalyň ýatdan çykmajak wakalara baý boljakdygyna ynanýaryn» diýdi.

Ozal 14-15-nji oktýabrda Arkadag şäherinde «Arkadagyň säheri» halkara film festiwalynyň geçiriljekdigi barada habar beripdik.

Eduar Montut «Asteriks we Obeliks» filmindäki keşbi bilen hem tanalýar. Ol şol filmde Kleopatranyň kazyýet binagäri Amonbofisiň hyzmatkäri Nekuksisiň keşbini ýerine ýetirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň