Garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow şu gün irden Türkmenistana dolandy. Bu barada HHM habar berdi.
Mälim bolşy ýaly, ol Kaliforniýada geçirilen «Bellator 300» turnirinde polşaly Maseý Rozanskiden üstün çykdy.
Ýarym agyr agram derejede geçirilen şol tutluşyk doly üç raund dowam edip, eminler biragyzdan Döwletjan Ýagşymyradowyň ýeňşini ykrar etdiler. Döwletjan Ýagşymyradow üçin şol ýeňiş «Bellatordaky» bassyr üçünji üstünlik boldy. Onuň umumy karýerasyny hasaba alanyňda, häzirki wagtda Döwletjanyň 21 ýeňşi, 7 ýeňlişi we 1 deňligi bar. Nobatdaky ýeňşinden soňra Döwletjan Ýagşymyradow «Bellatoryň» ýarym agyr agramdaky reýtinginde bäşinji orna göterildi.
Aşgabat şäherine gelen badyna žurnalistler bilen bolan söhebtdeşlikde türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow ýaryşdan soň watanyna gaýdyp gelendigine begenýändigini aýdyp, eger-de hemme zat ugruna bolsa, guşak üçin söweşjekdigini sözüniň üstüne goşdy.
Mundan başga-da, Döwletjan Ýagşymyradow ýurda türgenleşigini dowam etdirmek üçin gelendigini aýtdy. Şeýle-de ol 14-15-nji oktýabrda Arkadag şäherinde geçiriljek «Arkadagyň säheri» halkara kinofestiwalyna hem gatnaşjakdygyny mälim etdi.