Turkmenportal logo
08.10.23
1660716607
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen wekiliýeti AFK agza assosiasiýalaryň konferensiýasyna gatnaşdy

7-8nji oktýabrda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde Aziýanyň Futbol Konfederasiýasyna agza Assosiasiýalaryň we Sebitleýin Assosiasiýalaryň başlyklarynyň hem-de baş sekretarlarynyň gatnaşmagyndaky konferensiýa geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy bilen Baş sekretary hem gatnaşdylar. Bu barada TFF-niň resmi saýtynda habar berildi.


Konferensiýa Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň ýolbaşçylary hem-de FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino hem gatnaşdy. Iki günlük konferensiýanyň dowamynda Aziýa yklymynda futboly ösdürmek bilen bagly meseleler hem-de öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.