Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti ulag ulgamy boýunça Astanada geçirilen «New Silk Way» işewürlik forumyna gatnaşdy

09:3207.10.2023
0
19402

Türkmen wekiliýeti Astana şäherinde geçirilen ulag-aragtnaşyk ulgamy boýunça «New Silk Way» altynjy işewürlik forumyna gatnaşdy. Forumda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary ýurtda ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada çykyş etdi.

«Большая Азия» teleýaýlymynyň habar bermegine görä, hususan-da, Türkmenistanda Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny döwrebaplaşdyrylmagyň dowam edýändigi, «Balkan» gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynda ýük gämileriniň we paromlarynyň gurulýandygy, Balkan welaýatynyň Jebel şäherindäki täze Halkara howa menziliniň gurluşygy barada giňişleýin maglumat berildi.

Bellnilişi ýaly, häzirki wagtda Hoşimin we Hanoý (Wýetnam), Seul (Koreýa Respublikasy) hem-de Milan (Italiýa) şäherlerine ýük gatnawlaryny amal aşyrýan Türkmenistan geljekde Aziýa we Ýewropa ýurtlary bilen howa gatnawlaryny giňeltmegi meýilleşdirýär.

Mundan başga-da, ýurtda uzynlygy 600 kilometre barabar ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurluşygy dowam edýär. Bu ugur Türkmenistanyň gündogaryny merkez bilen birleşdirer. Şeýle hem Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň bir bölegine öwrüljek Türkmenbaşy — Garabogaz awtoulag ýoluny gurmak meýilleşdirilýär.

B.Annaýew çykyşynyň dowamynda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň ähmiýetine ünsi çekip, Türkmenistanyň «Täze Ýüpek ýoly» başlangyjyň çäginde bilelikdäki infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň