Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türki dilli döwletleriň futbol turniri döredilip bilner

15:1705.10.2023
0
31930

Özbegistanyň Daşkent şäherinde türki dilli döwletleriň Futbol assosiasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirilip, onuň dowamynda türki dilli döwletleriň futbol turnirini döretmek meselesine seredildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň wekiliýeti hem gatnaşdy. Bu barada Özbegistanyň Futbol Assosiasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Çeşmede bellenilişine görä, FIFA-nyň goldaw bermegine guralan duşuşykda Azerbaýjanyň, Wengriýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň Futbol assosiasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle-de AFK-nyň we UEFA-nyň wekkilleriniň gatnaşmagynda türki dünýäde futboly ösdürmegiň geljegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle meseleleriň hatarynda türki dilli döwletleriň arasynda ýygyndylaryň we toparlaryň arasynda futbol turnirini geçirmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşmalar boldy.

Mundan başga-da, futbol hünärmenlerini, tälimçileri, eminleri taýýarlamak we tejribe alyşmak, degişli ýurtlaryň Futbol assosiasiýalarynyň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerine üns berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň