Turkmenportal logo
05.10.23
4134241342
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dubaýyň nebit kompaniýasy Türkmenistandaky önümçiligini artdyrar
Dubaýyň nebit kompaniýasy Türkmenistandaky önümçiligini artdyrar

Dubaýda ýerleşýän «Dragon Oil Holdings» kompaniýasy Yrakda we Türkmenistanda alyp barýan işleriniň gerimini has-da giňeltmek arkaly nebit önümçiligini günde 120 000 barrele çenli ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär.


Bu barada kompaniýanyň Baş direktory Ali Al-Jarwanyň sözlerine salgylanyp, «Newscentralasia.net» internet neşiri habar berdi.


BAE-niň Milli nebit kompaniýasynyň (ENOC) doly eýeçiligindäki «Dragon Oil» häzirki wagtda daşary ýurtlarda her gije-gündizde 180 000 barrel nebit öndürýän bolsa, bu görkezjini 2026-njy ýyla çenli 300 000 barrele ýetirmek meýilleşdirilýär.


«Häzirki wagtda BAE-den daşarda hem ägirt uly meýilnamalarymyz bar. Soňky döwürlerde has-da ilerledilýän Yrakdaky we Türkmenistandaky önümçiliklerimizi giňeltmek isleýäris. Azerbaýjanda we beýleki ýurtlarda-da täze mümkinçilikleri gözleýäris» - diýip, Jarwan aýtdy.


«Dragon Oil» — Ýakyn Gündogarda, Demirgazyk Afrikada we Hazar sebitinde iş tejribesi bolan, esasan, uglewodorod serişdelerini gazyp almak bilen meşgullanýan halkara nebit kompaniýasydyr. 2000-nji ýyldan bäri «Dragon Oil» Türkmenistanda Hazaryň kenaryndaky Jeýtun we Jygalybeg ýataklaryny öz içine alýan Çeleken şertnamalaýyn çäginde işlerini üstünlikli alyp barýar.