Turkmenportal logo
04.10.23
2823828238
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Azerbaýjanyň täze ilçisi Türkmenistanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy
Azerbaýjanyň täze ilçisi Türkmenistanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdySurat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gazalowy kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


Bellenilişi ýaly, diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowa Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň mähirli salamyny we Azerbaýjanyň iki goňşy ýurduň we halkyň bähbitlerine laýyk gelýän däp bolan döwletara dialoga ygrarlylygyny tassyklaýan sözlerini ýetirdi.


Ilçi pursatdan peýdalanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.


Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Azerbaýjanyň doly ygtyýarly wekilini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we oňa jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.


Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryna, ynanyşmak we birek-birege düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça häzirki döwürde üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.


Duşuşygyň barşynda soňky ýyllarda türkmen-azerbaýjan syýasy dialogyň okgunly ösdürilýändigi, ýokary derejedäki özara saparlaryň yzygiderli amala aşyrylýandygy, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ugry boýunça işjeň gatnaşyklaryň saklanýandygy bellenildi. Şunda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykandygy barada aýdyldy.


Duşuşygyň dowamynda şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň ugurlar boýunça mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagynyň we ösdürilmeginiň geljekki ugurlary hakynda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.


Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.