Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Mongoliýa sapara çagyrylýar

07:1804.10.2023
0
14721
Türkmenistanyň Prezidenti Mongoliýa sapara çagyrylýar
Surat: mongolnow.com

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mongoliýa sapar bilen barmaga çagyrylýar. Bu barada Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli iberen gutlag hatynda aýdylýar. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen gutlag hatynda Mongoliýanyň Prezidenti:

— Jenap Prezident, Mongoliýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemek üçin Sizi biziň ajaýyp ýurdumyzda kabul etmäge şatdyryn. Hormatly jenap Prezident, iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ilerletmek we ösdürmek hem-de bilelikdäki hyzmatdaşlygymyzyň täze taryhy sahypasyny açmak üçin Sizden özüňiz üçin amatly wagtda Mongoliýa gelmek baradaky çakylygymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin - diýip belleýär.

Şeýle-de mongol halkynyň döwlet Baştutany Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen dostlukly ýagdaýda 2022-nji ýylda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň barşynda hem-de 2023-nji ýylda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Çarlz III-ä täç geýdirmek dabarasy mahalynda duşuşandygyny, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek barada netijeli pikir alyşmaga dörän mümkinçilige şatdygyny nygtaýar.

— Mongoliýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan başlap, geçen 30 ýylyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň sebit we halkara giňişlikde yzygiderli ösdürilýändigini bellemek ýakymlydyr. Jenap Prezident, halklarymyzyň bähbidine Siziň bilen mundan beýläk-de ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge hem-de sebitde parahatçylyga, rowaçlyga ýardam bermäge meýillidigimi beýan edýärin. Siziň parasatly we başarnykly baştutanlygyňyzda Türkmenistanyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyny dowam etdirip, Merkezi Aziýa sebitiniň ösüşine saldamly goşant goşjakdygyna ynanýaryn - diýip, Mongoliýanyň Prezidenti türkmen kärdeşine iberen hatynda ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň