Ýaponiýada boýy 4,5 metre deň bolan robot-transformer bilen tanyşdyryldy diýip, «Habar 24» ýazýar.
Robotyň agramy 3,5 tonna deň. Tokioly inženerler tarapyndan döredilen robota «Arhaks» diýip at berdiler. Onuň awtoulag iş düzgüni bolup, bat alanda sagatda 10 kilometr, adaty ýagdaýda 2 kilometr tizlikde hereket edýär.
Awtorobot sürüji üçin kabina bilen üpjün edilip, onda monitor, dolandyrmak üçin joýstikler we pedallar bar.
Tokioda şeýle maşynlaryň ýene 5-sini döretmek isleýärler, olaryň biriniň bahasy 3 million dollara golaý bolar. Olaryň ilkinjisi şu aýyň ahyrynda «Japan Mobility Show» sergisinde tanyşdyrylar.
Önümçilikçi kompaniýa öz robotlarynyň tebigy betbagtçylyklarda kömek bermek üçin ýa-da kosmos pudagynda peýdalanyljakdygyna umyt bildirýär.