Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Ak Ýol» toý mekany sadaka bermek hyzmaty üçin sargytlary kabul edýär

10:4003.10.2023
0
30069

«Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde ýerleşýän «Ak Ýol» toý mekany hudaýoly sadakasyny bermegi meýilleşdirýän paýtagtyň ýaşaýjylaryna hyzmatlaryny hödürleýär.

Toý mekany 300-den — 1000 adama çenli myhmana hyzmat edip bilýär. Sadaka bermek üçin ýörite niýetlenen tagamnamalarda birnäçe nahar görnüşleri ýetirilýär, bu bolsa, elbetde, çorba, palaw, dograma, ýarma, çekdirme ýaly milli tagamlary öz içine alýar. Şeýle hem tagamnamada alkogolsyz içgileriň, işdäaçarlaryň we konditer önümleriniň köp görnüşleri bar. Şol bir wagtyň özünde, müşderileriň haýyşy boýunça sadakanyň naharlary üçin islendik tagamnama görnüşleri göz öňünde tutulýar.

Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň «Ak Ýol» toý mekanynda sadaka bermek üçin hyzmatlaryny şu telefon belgileri arkaly gyzyklanyp bilersiňiz: (+993 65) 41 41 40, (+993 60) 13 62 62, (+993 12) 95 06 38.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň