Mahaçkalanyň «Dinamo» topary Futbol boýunça Russiýanyň çempionatynyň 12-nji tapgyrynda «Ýeniseýi» ýeňlişe sezewar etdi.
Krasnoýarsk şäherinde geçirilen oýun türkmen hünärmeni Gurban Berdiýewiň şägirtleriniň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.
Duşuşykdaky ýeke-täk gol myhmanlaryň ätiýaçdan oýna goşulan hüjümçisi Serder Serderow tarapyndan 84-nji minutda derwezä ýollandy.
Şeýlelikde, «Dinamo» ýeňişli ýörişini dowam etdirip, 24 utuk bilen turnir tablisasynyň birinji ornuna geçdi. Mahaçkalalylardan bir utuk az toplan ikinji ýerdäki «Alaniýa» bolsa tapgyrdaky oýnuny 2-nji oktýabrda «Sokol» bilen geçirer.
12-nji tapgyryň ýene bir oýnunda türkmenistanly Dmitriý Homuhadan tälim alýan «Şinnik» öz öýünde «Týumenden» asgyn geldi. Ýaroslawl şäherinde geçirilen oýun 2:1 hasabynda myhmanlaryň peýdasyna gutardy.
Häzirki wagtda «Týumen» we «Şinnik» toparlary 19 utuk bilen üçünji orny paýlaşyp durlar.