Top.Mail.Ru

Arhiw

Aşgabatda «Lebap Handmade Exports» bäsleşiginiň çäginde senetçilik sergisi guraldy

20:1030.09.2023
0
25545

Şu gün Aşgabatdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Lebap Handmade Exports» finalçylar bäsleşiginiň çäginde Türkmenistanyň iň gowy el işçileriniň we senetçileriniň el işleriniň sergisi geçirildi. Bu ýerde milli şaý-sepler, egin-eşikler, ýantorbalar, keramika, haly, boýalan deri we agaç önümleri ýaly köp zatlar görkezildi.

Sergä Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Gülälek Babakulowa hem gatnaşdy. Ol sergide özüniň täze gurjak ýygyndysyny köpçülige hödürledi. Gurjaklardan başga-da, Gülälek el keşdesi bilen bezelen adaty zenan lybaslaryny hem görkezdi.

Şeýle hem bu ýerde Irina Dorofeýewanyň we Mariýa Filipçenkonyň zergärçilik önümleri, Jennet Ýusupowanyň bezeg kädilerinden ýasalan çeper eserleri, Anna Saparowanyň we Gözel Pälwanowanyň milli äheňli zenan ýantorbalary, Täzegül Ödäýewanyň gurjaklary, Jeren Kurbanowanyň bezeg sagatlary, Maýa Japarowanyň epoksid smolalardan ýasan önümleri we Ruslana Rejepowanyň keramika önümleri we beýleki senetçilik eserleri bar.

«Sergi reňk we dürlüligi bilen mende uly täsir galdyrdy. Eserleriň inçeligi we takyklygy, şübhesiz, hünärmenleriň öz işlerine berlendigini görkezýär. Men olara munuň bilen çäklenmän, hünärlerini ýokarlandyrmagyny dowam etdirmegini arzuw edýärin. Şeýle hem, ussatlara öz brendlerini has köp tanamak we ösdürmek üçin ajaýyp IT gurallaryny batyrgaýlyk bilen ulanmaklaryny arzuw edýärin, sebäbi olar, hakykatdan hem, ajaýyp zatlary edýärler!» diýip, Bäsleşigiň emin agzasy Gülnar Azymowa sergi barada özünde galan täsirleri beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň