Aşgabatdaky «Desterhan» restoranynda Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli medeni çäres geçirildi. Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk Aşgabat şäheriniň Ýaşululary we maýyplygy bolan adamlary durmuş taýdan goramak müdirligi tarapyndan guraldy. Çäräniň dowamynda A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň artistleri ýörite baýramçylyk meýilnamasy boýunça çykyş etdiler.
Şeýle hem, artistler weteranlar bilen bilelikde uruş ýyllarynyň aýdymlaryny aýtdylar, goşgy okadylar we tanslary ýerine ýetirdiler. Baýramyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Halkara ýaşulular güni BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1990-njy ýylyň 14-nji dekabrynda yglan edildi. Baýramçylyk her ýyl bütin dünýäde 1-nji oktýabrda bellenilip geçilýär. Türkmenistanda hem bu baýram 1991-nji ýyldan bäri bellenilýär.