Turkmenportal logo
30.09.23
2957429574
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Duşenbede Täjigistanyň buzluklaryna bagyşlanan sergi açyldy
Surat: rambler.ru

Täjigistanyň Milli muzeýinde täze sergi açyldy, ol Respublikanyň suw gorlaryny we buzluklary goramak ulgamyndaky başlangyçlaryna bagyşlandy diýip, «MIR 24» habar berýär.


Sergi 2025-nji ýylda bellenjek Buzluklary goramagyň halkara ýylyna gabatlandy, açylyş dabarasyna taryhçylar, arheologlar, degişli edaralaryňdyr diplomatik wekilhanalaryň işgärleri gatnaşdylar. Muzeýiň işgärleri çäräniň maksadynyň jemgyýetçiligiň ünsüni howa meselelerine çekmekdigini aýdýarlar. Soňky onýyllyklarda Respublikada müňden gowrak buzluk ýok edildi.