Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Soltan Open Air» restorany güýz agşamyny eýwanda açyk howada geçirmäge çagyrýar

10:5030.09.2023
0
42557

Tomsuň jokramasy öz ornuny ahyryn tylla güýzüň salkyn, sergin howaly günlerine berdi. Bu möwsümde dynç günleriňi agşam şäher restoranynyň açyk eýwanynda, arassa howadan we täsin tebigatdan lezzet alyp geçirmek örän göwnejaýdyr.

Şeýle ýerleriň biri-de, myhmanlaryna ajaýyp güýz agşamyny ýapyk ýerde, şonuň ýaly-da emeli şarlawugyň sesi bilen gurşalan, güller we geň-enaýy gök otlar bilen bezelen açyk howaly eýwanda geçirmäge mümkinçilik berýän Aşgabatdaky «Soltan Open Air» restoranydyr.

«Soltan Open Air» restorany müşderilerine türk we Ýewropa aşhanasynyň dürli görnüşli tagamlaryny, göwnejaý atmosferaly, arassa howaly gurşawdaky dynç alşy ýetirýär. Eger bu ýerde howa salkynlan ýagdaýynda agşamlyk naharyny restoranyň içinde dowam etmek bolýar.

— Biz her bir gelýän müşderimiziň bu ýerde aýratyn mähir we söýgi bilen kabul edilýändigini duýmagy üçin alada edýäris. Şeýle-de öz işiniň ussady bolan aşpezlerimiziň datly tagamlaryndan lezzet bilen iýip, hoşal bolmagyny isleýäris – diýip, «Soltan Open Air» restoranynyň wekili söhbetdeş bolanymyzda belläp geçdi. — Şeýle hem biziň restoranymyzda dürli dabaralary we baýramçylyklary guramak bolýar.

«Soltan Open Air» restorany myhmanlaryna şu salgyda garaşýar: Aşgabat ş., G.Kulyýew (ozalky Obýezdnoý) köçesi, 72-nji jaý, «Soltan» binasy (girelge arka tarapdan).

Goşmaça maglumat almak hem-de sargyt esasynda belledip goýmak üçin telefon belgileri: (+993 64) 69 44 44, (+993 12) 75 35 55, (+993 12) 75 36 66.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň