Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 17-nji tapgyrynyň wagty süýşürilen duşuşygy geçirilip, onda «Nebitçi» hem-de «Köpetdag» güýç synanyşdylar.
Bu duşuşykda «Nebitçi» topary garşydaşyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy.
Gazanan bu ýeňşinden soň 28 utuk toplan «Nebitçi» topary ýaryş tertibinde üçünji orny eýelemegini dowam edýär. 17 utugy bolan «Köpetdag» topary bäşinji orny eýeleýär.
17-njy tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygy:
«Nebitçi» ― «Köpetdag» – 2:1
Gollar: 51 Magtymberdi Berenow, 90+1 Döwran Berdiýew – 3 Azizbek Begjanow.
Bellik: 69-njy minutda Elýas Akyýew («Nebitçi») 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmedi.
Çempionatyň tablisasy:
| T/b | Toparlar | O | Ý | D | U | T | U |
| 1. | «Arkadag» | 14 | 14 | 0 | 0 | 48-12 | 42 |
| 2. | «Altyn Asyr» | 14 | 10 | 2 | 2 | 37-12 | 32 |
| 3. | «Nebitçi» | 15 | 9 | 1 | 5 | 25-17 | 28 |
| 4. | «Aşgabat» | 16 | 6 | 2 | 8 | 22-35 | 20 |
| 5. | «Köpetdag» | 15 | 5 | 2 | 8 | 19-31 | 17 |
| 6. | «Ahal» | 14 | 5 | 1 | 8 | 20-22 | 16 |
| 7. | «Merw» | 11 | 3 | 3 | 5 | 12-15 | 12 |
| 8. | «Energetik» | 15 | 4 | 0 | 11 | 11-33 | 12 |
| 9. | «Şagadam» | 16 | 2 | 3 | 11 | 10-27 | 9 |
