Turkmenportal logo
30.09.23
3254232542
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Molýeriň pýesasy esasynda taýýarlanan spektaklyň premýerasy bolar
Aşgabatda Molýeriň pýesasy esasynda taýýarlanan spektaklyň premýerasy bolar

30-njy sentýabrda sagat 19:00-da Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda nusgawy fransuz dramaturgy Žan-Batista Molýeriň «Plutni Skapen» («Haltada husyt») atly komediýasynyň ilkinji görkezilişi bolar.


«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşirinde berilýän habara görä, Merdan Handurdyýewiň rezissýorlyk eden spektaklynda mekir hyzmatkär Skapiniň hileleri barada gürrüň beriler. Şeýle hem söýgi, durmuş gurmak temalary barada belleniler.


«Haltada husyt» pýesasyny Molýer 1670-nji ýylda ýazylypdy. Bu eser ilkinji gezek 1671-nji ýylyň 24-nji maýynda Pariždäki «Palais Royal» teatrynda sahnalaşdyryldy. Molýeriň özi bu premýerada Skapiniň roluny ýerine ýetirdi.